Invite a friend FAQ Bookmark
TOPIC COMMENTS LIST
Topic:  "Allahu" - Älemi döreden perwerdigäriň hut öz ady
Y-m-d H:i

"Allahu" - Alla Tagalanyň 99 adyndan biri

Her bir musulman bendesine, bir meseläni çözmek üçin güýç-gaýrat, kuwwat gerek bolsa, onda bu ady 100 mertebe gaýtalasyn.
Eger-de, bialaç bolup ýatan keselli musulman bendesi "Ýa Allahu" diýip, ençeme mertebe gaýtalap, soňra bolsa şypa dogasyny okasa, enşalla derdine şypa tapar.

ata
Y-m-d H:i

Shu Esmaul Husna barada men hem bir yazgy goyupdym oz sahypamyzda. Ay, jogapkarlerimizden biri yorite tayyar(lady)pdyr eken-lay, men hem gocurip goydum.

 

Ynha:

 

Araplar beyik Allanyn atlaryny “El-Esma, El-Husna” – yagny, gözel atlar diyip tutyarlar. Kur’anda Yaradanyn atlarynyn 99-sy sanalyar. Yöne atlaryn hemmesi bir yerde dal, dürli ayatlarda gabat gelyarler. Allanyn atlarynyn 13-in yzly-yzyna agzalya yeri bar. Meselem, Kur’anyn 59-njy süresinin 22-24-nji ayatlarynda Hudayyn Rahman, Rahym, Melik, Kuddus, Selam, Mü’min, Muhaymin, Aziz, Jebbar, Mütekebbir, Halyk, Bari, Musawwir diyen atlary sanalyp, Alladan başga Hudayyn yokdugy, syrly we gizlin zatlary ondan başga bilyanin bolmajakdygy nygtalyar.
Türkmenlerde, adamlar gündelik durmuşynda Ona köplenç Alla, Huday, Yaradan, Möwlam, Tanry, Biribar, Gudraty güyçli, Hak diyen atlaryny tutup yüzlenyarler.

Allanyn atlarynyn sanawyny düzmek üçin synanyşyk eden, ony düzen adamlar hem bar. XI asyryn beyik akyldary, teolog-alym Ymam Gazaly hem şolaryn biridir.

Beyik Rebbimiz Kur’anyn “A’raf” süresinin 80-nji ayatynda şeyle buyuryar: “In gözel atlar (Esmau’l-Husna) Allahynkydyr. Ona bu atlar bilen doga edin”.

Pygamberimiz bir hadysy şerifinde şeyle buyuryar: “Jenaby Zül-Jelalyn togsan dokuz ady bardyr. Olary kim bilse we sanasa jennete girjekdir”.
Bu gözel atlar we olaryn many-hikmetleri barada gysgajyk-da bolsa, öz toplan kabir maglumatlarymyzy sizing dykgaynyza yetirmegi makul bildik.

 

Ashakda Esmaul – Husna: Allahyñ gözel atlaryny goyayyn.

ata
Y-m-d H:i

1. er – Rahman – merhemetli, ahli mahluklaryn ryzyklaryny beren;
2. er – Rahym – rehimli, rahmet ediji, gorap saklayan;
3. el – Melik – hökümdar, Soltan, patyşa;
4. el – Kuddus – in mukaddes, nogsanlyklardan azat, kemçiligi bolmadyk, pak, tamiz;
5. es – Selam – abadan, salamat, parahat, asuda;
6. el – Mü’min – penakar, aman saklayjy;
7. el – Müheymin – gorayjy, ynamdar gorayjy;
8. el – Aziz – eziz, mahriban, söygüli, dost, üstün çykylmasy mümkin bolmadyk gudrat we kuwwat eyesi;
9. el – Jebbar – islanini hökman edyan, islanine güyji yeten, beyiklik we ululyk, gudrat eyesi, gullaryny boyun edip toba etdiren;
10. el – Mutekebbir – artykmaç, üstün, beyiklenen;
11. el – Halyk – yokdan bar eden, yaradyjy;
12. el – Bari – her zady öz layyklygynda, mynasyplygynda, zerurlygynda gözel yaradan;
13. el – Musawwir – şekillendiriji, şekil we surat çyzan, her zada gözel şekil we suratlar beren;
14. el – Gaffar- geçirimli, geçiriji, yalkayjy, magfireti köp, günaleri bagyşlayjy:
15. el – Kahhar – yeke-tak, mydam yeniş gazanyjy, gazaply;
16. el – Wehhab – çaksiz hayyr-yhsan edyan, köp yalkayjy;
17. er – Rezzak – ryzk beryan, ahli ryzklary we peydalanyp boljak zatlary yaradan, hayyr-yhsan eden;
18. el – Fettah – in gowy, in köp açyş eden, yeniji, kynçylykdan halas eden, her zady in gowy tarapyndan açan;
19. el – Alim – bilyan, ylymly;
20. el – Gabid – gabyz ediji, tutujy, gysyjy;
21. el – Basyt – açan, yayan, seryan, ginlik beren, halan gulunyn ryzkyny ginişlendiren;
22. el – Hafyd – kiçeldiji, ynsana heddini bildiren;
23. er – Rafi – beygeldiriji, galdyryjy;
24. el – Muizz – yzzat, hormat we hödür eyesi. Eziz we mertebeli eyleyan.
25. el – Muzill – kemsidiji, peseldiji;
26. es – Semi’ – eşidiji, her bir zady eşiden, Onun eşitmejek hiç bir zady yokdur;
27. el – Basir – görüji, dykgatly, her bir taraplayyn göz yetiren, in gowy we in köp anlayyşly;
28. el – Hakem – üstün çykyjy, haky we nahaky ayryp, hak we adalat boyunça hokum eden. Yeke-tak edara eden, hakly we haksyzyn saylanmagynda araçylyk eden;
29. el – Adil – adyl, adalatly;
30. el – Latif – mahirli, mylayym, yumşak, nazik, mynasyp, gözel, şirin. Göze görünmeyan köp sowgat ediji;
31. el – Habir – habarly, habardar, alym, her zady bilen;
32. el – Halim – yumşak hasiyetli, hoşgylaw, günalilere jezalaryny derhal bermek ygtyyary bolanyna garamazdan sabyr edip, yumşaklyk bilen çemeleşen;
33. el – Azym – beyik, uly, belent, öran uly;
34. el – Gafur – köp rehimdar we geçirimli. Mü’minlerin yalnyşlyklaryny bagyşlap, gorap saklan;
35. eş – Şekur – edenine şükür edip, berenine minnetdar bolunmagyna yeke-tak doly mynasyp bolan, hat-da şüküri azyrak edenlere hem köp nygmatlar beren;
36. el – Aliyy – beyik, belent, uly;
37. el – Hafiz – gorayan, gorap saklayjy;
38. el – Mukit – gorap saklan. Hafyz. Amallary yrya etman gorayan. Gizlini bilen. Ekleyji;
39. el – Hasyb – hasaplayjy, sanayjy;
40. el – Jelil – beyik, belent mertebeli. Ululyk we güyç-kuwwat eyesi;

 

 

galanlaryny hem ashakdaky linkden okap bilersiniz:

 

http://www.yslam.info/2009/06/05/Allahyn_atlary/

 

ata
Y-m-d H:i

"Allah" sozi barada yene bir maglumat:

Allah sozi Biribaryn in beyik we naybaşy adydyr. Biribaryn 1000-den gowrak ady bolup, naybaşy Allah-dyr.
Sebabi bolsa, Biribara beyleki dinlerde-de ka atlar berilyar, meselem, Tanry, Ylah, Reb we ş.m.
Indi Allah adynyn name ucin naybaşy ady bolanyna bir sebap hokmunde aşakdakylary yazmakcy:

1-"Allah" ady ozbaşyna bir at we atlarynyn naybaşysy;

2-Allah -daky ilkinji harpyn (I-Elif) herekesini(yokardaky yşarat) ayirsan, onda bu gezek "Ylah" okalyar, olam Biribaryn bir ady;

3-"Ylah"-daky herekani ayirsak, bu gezek "Lehu" diylip okalyar, bulam yene "Ona(=Allaha)" diymek bolan Biribaryn ady hokmunde kabul edilyar;

4-"Lehu"-daky "L" harpy ayirsak, bu gezek "Hu(=Huwe)" diylip okalyar we olam "OL(=Allah)" manyda kabul edilyar.

Ynha, şu sebap, sebaplerden menin bilyan yekeje sebabim!

Galan sebaplerini bolsa, başda Allah, son Onun ilcileri we Onun bildiren beyik şahsiyetleri biler!

 

ata
Y-m-d H:i

yene-de maglumatlar bar oz-a welin, son paylasharyn-da, ensallah!

 

Sizem yazyberin bilyan maglumatlarynyzy, ayratynam, oz ene dilimizde :)

ata
Y-m-d H:i

ay, yene biri kella geldi, ynha:

 

Yslam dininde Allanyn sypatlary:

Allany yene-de Allanyn Ozi in onat yagdayda biz ynsanlara duşundiryar, ynha, Gurhanda kabir suredir ayatlar bilen Onun Ozuni bize tanadyşy:

 ”Alladan başga ylah(tanry) yokdur! Ol Hayy-dyr(hemişe yaşayar), Kayyumdyr(hemişe barlygy we Birligi berk bilinen). Ozune hic wagt uky gelmez, Ona uky haly hem gelmez. Gokdaki we yerdaki hemme zat Onunkydyr. Onun rugsady bolmasa, Onun nazarynda kim şepagat edip biler?! Ol bendelerinin (hemme) eden amallaryny we etmek isleyan amallaryny biler. Onun maglumat beren zatlaryndan başga hic kim Onun ylmyndan hicbir zady takyk bilip bilmezler. Onun kursisi gokleri we yeri oz icine alar, olary gorap ideg etmek Ozune kyn bolmaz. Ol azymdyr(beyik)! ” (Bakara, 2/255)

”1-(Resulym, Sen olara) Şeyle diy: Ol Alla Birdir(Ehad);
2-Alla Sameddir(Ol hic bir zada matac dal, emma hemme zat Ona şeyle matac);
3-Ol (caga) doguran daldir we Ozi hem doglan daldir(hemişe bar-Hayy we Bakydyr);
4-Onun hic-hili deni-tayi yokdur!”
(Yhlas, 112/1-4)

Allany şu wagta denic Zat-i sypatlary we Subut-y sypatlary bilen ynsanlara tanadypdyrlar. Olar bolsa Allaha iman şertinden duşundirilen bolmaly,galyberse-de, Gurhanda "Yhlas=Kul huvella", "Ayetel Kursi" we "Haşr" suresindaki ayatlar Allanyn bu sypatlaryny biz ynsanlara bildiryar, hem yene bir yerde:"In gozel (we uly) sypatlar Alla degişlidir..." diyilyar.

 

Ynha Zat-i Sypatlary:

 

 

1-Allanyn Zat-y(ayratynlyklary) boyunca sypatlary:

a-Kidem              -Allanyn başlangyjy yokdur;
b-Beka                - Allah Bakydyr, galan hemme zat pany;
c-Kiyam bi-Nefsihi - Allah hic bir zada matac daldir;
d-Muhalefetun lil Havadis -Allah hic 1 zada menzemez;
e-Vahdaniyet       -Allah Birdir, şarik we menzeşi yokdur;
f-Vucud               - Allah hemişe bardyr.

2-Subuty(amallary) boyunca Allanyn sypatlary:

1-Hayat - Allah diridir (hemişelik yaşam);
2-Ilim   - Allah hemme zady biler;
3-Semi  - Allah hemme zady eşider;
4-Basar -Allah hemme zady gorer;
5-Irade - Allah hemme zada erk we ygtiyar eder;
6-Kudret - Allanyn hemme zada guyji yeter;
7-Kelam - Allanyn kelamy bardyr, gepleşer, sozlar;
8-Tekvin - Allah hemme zady yaradandyr we onun şu kainatdaky hemme iş we tasarruflary(edyan zatlary) bu sypata degişlidir.

 

Y-m-d H:i

Allah  razy bolsun doganjan! 

Copyright © 2010 TurkmenWorld