Türkmen dilinde durnalaryň uçuşy bilen bagly “toýnuk gurap” diýen söz düzümi ulanylýar. Eýsem, toýnuk näme?
1962-nji ýylda neşir edilen “Türkmen diliniň sözlüginde” bu söze “Aşak ujundan tutar ýaly edilip, kesilip alynan şaha, haçja” diýlip düşündiriş berilýär. Ýöne onuň ulanylýan ýerleri dogrusynda maglumat berilmändir.
Toýnuk haçja, şaha görnüşindäki uzynlygy 20 sm. ölçegindäki agaç. Özem ýylgyn, tut ýaly gaty agaçlardan ýasalýar. Iki haçjasynyň ujuna ýüp daňar ýaly kertik edilýär. Şol haçjanyň bir ujuna ýüp daňylýar-da, odunyň, otuň ýa-da başga bir ýüküň daňyndan aýlap, ýene şol ýüpe ildirilýär. Syrylyp toýnukdan geçýän ýüp ýüki barha berk gysýar. Türkmeniň “Ýüp syrylyp, toýnukdan geçdi” diýen paýhasy şu ýagdaý bilen baglanyp aýdylan milli pähimdir.
Durnalaram, köplenç, haçja görnüşini ýasap uçýar. Şonuň üçin hem olar dogrusynda “toýnuk gurap” söz düzümi ulanylýar.
Şöhrat ABDYÝEW, žurnalist.
“Türkmen dili” gazedi.